Rusça
Inlisçe
Turkmençe

 

 

Aºhabat kluby

"YNAM"

 

KLUBYN ISI HAKYNDA
Kluby doretmegin taryhy 1996-njy yylyn Magtymguly ayynyn 3-den baslanyar. Asgabadyn "Ayal" ayallar klubyny doretmek ucin birnace ayallar birlesyarler. Ilki basda klub gurama hokmunde doreyar we onun isi Turkmenistanyn ayallarynyn hukugyny we durmus upjunciligini goramaga ugrukdyrylan.
Klubyn ilki basdaky isi dine ayallar ucin islemek pikiri ynandyryjy bolmady, sebabi maslahat ucin durli gatlaklardan ybarat bolan ayallar we erkekler yuz tutup basladylar. Sonun ucin Turkmenistanyn yustisiya Ministrliginde guramany yorite resmilesdirmek ucin resminamalar islenip duzuldi. Klubyn guramacylary Turkmenistanyn ahli rayatlaryna tolegsiz maslahatlary, komekleri bermek ucin dine guramany doretmek dal-de klubyn adyny uytgetmeklige hem tayyndylar. Klubyn agzalarynyn kop jedellerinin we maslahatlasmalarynyn netijesinde klubyn adynyn basga bolmalydygy barada umumy pikire geldiler. Bu at gysga we gowrumli, bir sozde klubyn doremeginin esasy duzgunlerini we isini suratlandyrmaly. Ilki bada klub ayallara "Ynam" telefonynda we dususyk wagtynda psihologyn we hukukcynyn maslahatlaryny bermek ucin doredilyar. Uzak bolmadyk klubyn isi adamlar tarapyndan bize bolan ynamy netijesinde isleyadigimizi tassyklady. Yuz tutyanlar bilen klubyn agzalarynyn arasynda ynam bolan yagdayynda guramanyn isinin ugrukjakdygyna hemmeler dusundi. "Ynam" sozi guramanyn manysyny dusundiryandigini, guramanyn ady dine "Ynam" bolmaly diyip bir pikire geldiler. Sondan son klubyn agzalary jemgyyetcilik guramasy bolan Asgabat "Ynam" (Doweriye) Klubyny resmilesdirmek barada Turkmenistanyn Yustisiya Ministrligine hayysnama bilen yuz tutdylar. 1997 yylyn Ruhnama ayynyn 22-de Turkmenistanyn Yustisiya Ministrliginde bizin guramamyz "Ynam" Asgabat kluby dowlet tarapyndan resmilesdirildi we ¹0134 tertip sanly Sahadatnama berildi. Kluby taze ady guramanyn isinin, maksatlarynyn icinden ers-argac bolup gecyar we adyna doly layyk gelyar. Rayatlaryn klubumyzyn isi barada bilmekleri ucin 1997 yylyn Nowruz ayynyn 8-ne, 1997 yylyn Sanjar ayynyn 13-ne "Neytralnyy Turkmenistan" gazetinde metbugatda makalalar cap edildi. Makalalaryn ady: "Eger wagtynda komek berilse" we "Salam, ynam telefony dinleyar!". Radio yaylymda uly bolmadyk geplesik berilip, bizin ynam telefonymyzyn nomerleri aydyldy. Teleyaylymda "Jemgyyetcilik guramasy name?" diyen geplesik gorkezildi we rayatlara guramanyn name isler bilen mesgullanyandyklary dusudirildi, klubyn "Ynam" telefonynyn nomeri berildi. Turkmenistanyn telewideniye we radio komitetinin bu geplesikleri dine bizin klubymyza goltgy bolman bizin isimize matac adamlara hem goltgy boldy.
Mundan basgada klubyn isleri barada "Reklamnyy westnik", "Neytralnyy Turkmenistan" gazetlerinde bildirisler edildi. Bu mahabatdan son tolegsiz psihologyn we hukukcynyn maslahatlaryny almak mumkinciliginin bardygyny bildiler. "Ynam" telefony boyunca yuz tutyanlar has kopeldi. Hazirki wagtda bizin klubymyzyn alyp baryan isleri koplere malim. Olar bir-birlerine bizi salgy beryarler. Biz mahabata mataclik cekmeyaris.
Muna garamazdan bizin guramamyzyn hemiselik jayy yokdy. Kotlenc halatda bir jaydan basga bir jaya gocmeli bolyardyk, netijede bizin isimiz togtayardy. Adamlar bizin salgymyzy yitiryardiler, taze yerde hemmesini tazaden baslamaly bolyardy. Sonun ucin bizin guramamyza jay bermek barada saher hakimligine hayysnama bilen yuz tutduk, bizin hayysnamamyz kanagatlandyryldy.
1999 yylyn Nowruz ayynda Asgabat saher hakimligi bizin klubymyz ucin 130 kw. metrden ybarat bolan yerzemin jayy ulanmaga berildi. Jayy ulanmakda tolegi - yenillik sertinde berildi. Saher telefon stansiyasy "Ynam" telefony ucin ayratyn nomer berdi. Bu dowlet tarapyndan kluba uly goltgy boldy. Klubymyz ucin jayy doly enjamlasdyrmak ucin Turkmenistandaky Beyik Britaniyanyn Ilcihanasy HOU-HAU gaznasyndan hem komek berildi, yagny 1999 yylyn 18-ne bu gaznanyn goltgy bermegi netijesinde guramanyn jayy hususylasdyrylyp, edara hokmunde alyndy we bejergi isleri gecirildi, edara enjamlary, mebeller alyndy. Bu yagdayyn seyrekdigini bellemezlik mumkun dal, sebabi Ozbasdak Garassyz yurtlarda jemgyyetcilik guramasy ucin jay satyn alynmayar bu yagday dine Turkmenistanda mumkin boldy.
2004 yylyn Baydak ayynyn 4-ne Beyik Britaniyanyn Turkmenistandaky Ilcihanasynyn goltgy bermegi netijesinde 'YNAMYN' konsultatiw merkezi we Birlesen Salygyn rayatlaryna maslahat bermek boyunca byuro acyldy. Taze jayda saher telefon stansiyasy klub ucin iki sany telefon liniyasyny berdi we hazirki wagtda bu telefonlar isleyarler. Saher sorag-jogap gullugy 09 bizin "Ynam" telefon nomerlerimizi yayradyarlar. Hazirki wagta cenli "Ynam" kluby bu jayda isleyar. Ynam klubynyn hususy eyeciligindaki jayy onun isi ucin durnuklylygynyn esasy sebabi bolup duryar. Bu jayy klub ucin satyn alynmagy bizin yeten derejamiz diyip hasaplayarys. Ozuniz goz onune getirip gorun, bizin klubymyz ilki Turkmenistanyn Cernobylcy Assosasiyasy jemgyyetcilik guramasy tarapyndan tolegsiz berilen, hajathananyn yanynda yerzemin jayda kicijik otagda yerlesyardi. Sondan son ol jay basga gurama berildi. Biz bu jaydan cykyp basga yerzemine gecmage mejbur bolduk. Yzygiderli gocup-gonmaklyk bizin guramamyzyn isine yaramaz tasir edyardi. Gocup-gonan wagtymyz Ynam telefonynyn nomerleri uytgap bizi taze yerden tapmak ucin musderiler kosenyardiler. Eger saher hakimligi bizin guramamyza jay bolup bermedik yagdayynda bu yagdayyn uzak dowam etjekdigi belli zat. Bu jayyn berilmegi bize dowlet tarapyndan uly goltgy boldy. Biz muny mydama uly minnetdarlyk bilen yatlarys. Jayy hususy eyecilige almak bilen guramanyn berk maddy baylyk cesmesinin bardygy barada batyrgay aytmaga ygtyyar beryar. Bizin belli bir yerlesyan salgymyzyn bolmagy bilen bize yuz tutyan adamlaryn mumkinciliklerini yennillesdiryaris. Seylelik bilen bizin klubymyz kicijik otagdan mydamalyk enjamlasdyrylan gin jaya yetdi. Bizin edaramyz gornusinde maddy bazamyz peyda boldy. Gocenimizden son guramamyzyn yuridiki salgysy hem uytgedi. Sol sebapli Guramanyn Duzgunnamasyna uytgetmeler girizmek zerurlygy yuze cykdy.
Duzgunnamadaky ahli uytgetmeler Turkmenistanyn Yustisiya inistrliginde hokmany resmilesdirmage degisli olup duryar, seylelikde klub Duzgunnama girizilen uytgetmeleri tazeden resmilesdirmek barada arza bilen yuz tutdy.
2003 yylyn Garassyzlyk ayynyn 21-ndaki jemgyyetcilik birlesmeleri hakyndaky Turkmenistanyn taze kanunyna layyklykda we yuridiki salgylaryn calysmagy sebapli Duzgunnama uytgeme girizmage Klub degisli arza bilen Adalat Ministrligine yuz tutdy. 2003 yylyn Ruhnama ayynyn TYuM TAM owruldi we ona TYuM ahli ygtyyarlyklary berildi. Bizin guramamyz tazeden resmilesdirildi. "Ynam" Asgabat kluby 2004 yylyn Baydak ayynyn 18-ne Jemgyyetcilik Birlesmesinin dowlet resminamasy hakynda sahadatnama aldy we su ¹0008 nomer bilen Turkmenistanyn karhanalarynyn, edaralarynyn yeketak Dowlet Reyestrine girizilen 2004 yylyn Gurbansoltan ayynyn 19-na ¹25424186 tertip san bilen edaralaryn we karhanalaryn yeketak Dowlet Reyestrinde resmilesdirmek hakynda sahadatnama berilen. Hazirki wagtda ahli uytgetmeler bilen Klubyn Duzgunnamasy kabul edilen, sol sanda taze yuridiki salgysy bilen Klubyn meselesi we maksatlary ilki basdaky yaly uytgeman galdy. "Ynam" kluby oz isini jemgyyet ucin islemegini dowam edyar.
Klubyn aragatnasyk salgylaryna "Bizin aragatnasyklarymyz" diyen sozbasydan serdin.
"Ynam" Asgabat klubynyn isi bizin Duzgunnamamyzyn maksatlaryna we meselelerine layyklykda amala asyrylyar. Bizin klubymyzda Psihologyn we hukukcynyn tolegsiz maslahatlary, komekleri berilyar. Maslahatlar dususyk arkaly we "Ynam" telefony arkaly berilyar. "Ynam" her bir komek, maslahat almaga isleg bildiryan adamlar ucin oran amatly yagday bolup duryar. Her bir adam ucin yuz tutyan edarana gitmezden onurti telefon arkaly ol edaranyn is tertibini bilmek wagtyny tygsytlamak ucin ora amatly. "Ynam" telefony arkaly yuz tutyan adamlaryn ilki gurrunleri tanys bolmak hasiyetinde baslanyar. Yorite hunarmen yuz tutyanyn kyncylygy bilen tanys bolyar we degisli salgysy boyunca yuz tutulandygy ya-da tutulmandygy anyklanylyar. Kahalatlarda degisli salgylara ugrukdyrylyar we dusundirilyar. Kop halatlarda bize ruhy taydan nasag adamlaryn, nesekeslerin, arakhorlaryn hossarlary ya-da ozleri jan edyarler we dusnuksiz dusundiryarler. Kop adamlar "Ynam" telefonynda isleyan psihologa psihiatr diyip pikir edyarler. Biz hem degisli edaralara yuz tutmalydygyny dusundiryaris. "Ynam" telefony arkaly hereket etmek bizin islerimizi yenillesdiryar, 2-njiden "Ynam" telefony gaybana maslahat bermegi hem amala asyryar. "Ynam" telefonynda sohbetdeslik alyan adam gaybana tanysyp, ya-da ozuni tanatman, yagny bir-birine nabelli bolup galmak mumkinciliginden hem peydalanyar. Bu dusnukli, sebabi, gurrundeslikde maslahat almak ucin degisli yerine dusmedik halatynda uzuni tanatmagyn zerurlygy yuze cykmayar. Eger yuz tutyan adam oz adyny aytmakdan saklanyan yagadayynda "Ynam" telefony anonim (yasryn) yerine yetiryar. 3-njiden basky maslahat, komek sorap yuz tutyanyn sahsy kyncylygyny cozmage 1-nji adim atmage ygtyyar beryar. Seylelik bilen "Ynam" telefony 1-nji tanyslyk wezipesinin roluny oynayar. Ondan basgada komek sorap yuz tutyan adamlaryn hacan-haysy wagtda maslahada gelmelidigi baradaky meseleler "Ynam" telefony arkaly cozulyar. Kop adamlar oz kyncylyklary barada yuzbe-yuz gurrundeslik gecirenlerinden telefon arkaly gurrundeslik gecirenlerini kem gormeyarler. Seyle yagdayda "Ynam" telefonynyn maslahat bermekde wajyp rolynyn bardygyny bellemek gerek. Adamlar "Ynam" telefony arkaly gerekli maslahatlary alyp ynam telefonynyn hyzmatyndan peydalanyarlar. "Ynam" telefony boyunca berilyan maslahatlar, komekler adamlaryn bahbidini goramakda oran amatly serisde diyip batyrgay aytsa bolar. Kabir adamlar bize gelmekden cekinmeseler hem oz kyncylyklaryny bir ozleri cozup bilmeyarler we wagtlaryny yitirmek islemeyarler; seyle yagdayda olar "Ynam" telefonyny howes bilen ulanyarlar. "Ynam" telefony yarawsyz, mayyplar, garry pensionerlerin seyle hem yas cagasy, oy icerinin isleri bilen gumra ayallaryn maslahata gelip bilmeyanlerin kyncylyklaryny cozmage komek etmekde zerur serisde bolup duryar. Kabir yarawsyz garrylar oz saglyk yagdaylary zerarly basga biri komek bermedik yagdayynda oyden cykyp gaytmaga mumkuncilikleri bolmayarlar. Bize yuz tutan bir mayyp garrynyn awto-ulag hadysasy netijesinde oz saglygyna yetirilen zyyany toletdirmek barada hukukcydan yzygiderli maslahat alandygyny, degisli yerlere arza bilen yuz tutmagy netijesinde oz isinin seredilmegine "Ynam" telefonynyn usti bilen gazanandygyny yatdan cykarmak mumkin dal. Basga bir yalnyz garry ayal oz ogly bilen aralarynda dawalarynyn bardygyny, ogly bilen aragatnasygyny sazlamaga, cylsyrymly yagdaylaryny cozmage komek edilmegini sorap yzygiderli psihologa yuz tutdy. Bir tarapdan seredeninde garrynyn bu mesele bilen yuz tutmagy ownuk yaly bolsa-da dort diwaryn icinde oturan garry ucin gaty yokus degyar. Ol garry psihologdan birnace gezek maslahat alandan son ozunin ruhy yagdayynyn rahatlyk tapandygyny we onun zerurdygyna dusindi. Sonky dowurde bizin dunyamiz gaty calt depginde gidyar. Adamalr mydama niradir bir yerik howlugyarlar. Biri kop is etjek bolup howlugyar, yene biri kopurak gazanjak bolup howlugyar, ucunjisi birden birnace yerik yetjek bolup howlugyar, bularyn hemmesine-de wagt gerek. Hacan-da adam az wagtyn icinde kop zat bitirjek bolanda bu yagdayda bitirilen isin hili yityar. Dasky tehniki progressin osmegi, tiz masynlar, kompyuterler, telefonlar bize mamalarymyzyn, babalarymyzyn eden islerinden has kan ise yetismage, yerine yetirmage mumkincilik beryar. Indi ogly ya-da gyzy oz ene-atasynyn yanyna artyk gelmega beylede dursun, telefon hem edip bilmeyarler. Olaryn wagty yok. Hazirki wagtda olaryn has wajyp isleri barmysyn. Netijede, ene-atalar ozlerini yalnyz duyyarlar. Serdin, pikirlenin sizin aranyzda nahili yalnyz adamlar kan. Yone olar barada hic kimin isi yok. Kanun boyunca-da oz masgala agzalaryn barada ene-atalar cagalary, ayallar adamsy barada, adamsy ayallary barada alada etmeli. Seyle aladan yok yerinde gurrunlesmegin yetmezciligi yiti duyulyar, alara yurek bilen gurlesmage hic kim yok. Sonda ol "Ynam" telefonyna jan edip, psihologyn maslahat bermegini sorayar we gurlesyar…gurleyar… gurleyar.
"Ynam" telefonyna icini dokmage mumkincilik bar. Koplenc halatda maslahat bermezden yuz tutyanyn kyncylygyny unsli dinlan wagtynda hemme zat oz-ozunden yerine gelyar. Adam oz ahli kyncylyklaryny ozi cozmage guyc we mumkincilik tapyar. Bu yonekey yaly bolup gorunse-de hakykatdan beyle dal, dinlemegi hem basarmak gerek, yone sowuk bilesigelijilik bilen dal-de janygyp, unsli dinlemeli, sonda yuz tutyan adam sana yuregini dokyar, ozi bolsa komek we yenillik tapyar. Hic hili maslahat bermezden unsli dinlaninden son telefon siminin o cetinde "Way, men kan gurledim, meni dinlaninize sag bolun. Men size hemme zady aytdym, mana eyyam yenil" diyilyan sozleri kop halatlarda esityandigimizi bellemek gerek. Koplenc halatda yalnyzlygy yenip gecmage bizin "Ynam" telefonymyz komek edyar. Ahli maslahat bermeler ynam telefonyndan baslanyar we esasy agramy cekyar. Ka wagtlar seyrek hem bolsa, ynam telefonyna ynanman sahsy dususmak bilen maslahat almagy kem gormeyarler.
Maslahat bermegin esasy prinsipleri sulardan ybarat bolup duryar:
- tolegsiz maslahat bermek;
- yuz tutyanlaryn isleglerine gora nabelli bolup galmak yagdayy;
- maslahat bermegin yasyrynlygynyn kepillendirilmegi;
- maslahat yasyna we durmus yagdayyna garamazdan, durli gatlaklardan bolan ilatlar ucin berilyanligi;
Klubyn ise baslan dowrunde bize yuz tutyanlar her sapar "maslahatyn nace duryandygyny" y-da "Siz bize cek iberersinizmi" diyip sorayarldylar. Biz hemmelere maslahatyn tolegsiz berilyandigini dusundiryardik. Yylyn-yylyna yzygiderli ynam telefony boyunca yuz tutyan mayyp adamlaryn yuzlerini gormeselerde hunarmenler olary sesleri boyunca hem tanayarlar. Ahli yuz tutyanlar ilki yasryn bolup, isleselerde netijede olar ozlerini tanadyarlar.
"Ynam" telefony boyunca bir ayal yuz tutup onun masgala durmusynda cylsyrymly yagdayyn yuze cykandygyny, yagny onun ozunin islemeyandigini, oyde kicijik cagasyna seredyanligi sebapli rugsatdadygyny adamsy ozuni adam hasabynda gormeyandigini, ol dine das toweregindakileri dinleyandigini, ol mundan beylak adamsy bilen yasamak islemeyandigini aydyar. Psiholog ol ayala doly goz yetirman beyle hereket etmezligi we kyncylygy cozmage synanysmagy maslahat beryar. Birnace wagt gecenden son ol ayal adamsy hakyndaky pikir barada yalnysandygyny, beren komegi ucin psihologa uly minnetdarlyk bildirdi. Psihologyn bu maslahaty ol ayalyn oz yanynda soyguli masgalasy barada alada edyan adamsynyn bardygyna ynanmaga komek berdi. Sular yaly yagday yuze cykanda hunarmenlerin maslahaty dine masgalany saklamaga gonukdirilen bolyar. "Ynam" telefonynyn isi rayatlara maslahat alanlarynda oyden cykman, is yerlerini taslaman oz kyncylyklaryny cozmage mumkuncilik doretmek ucin doredilen, seyle hem gelyan habarlar gizlin yasryn saklanylyar. Her bir yuz tutyan adam name mesele bilen yuzlenenligini gizlin saklanyanlygy barada arkayyn bolup biler.
Klub rayatlara tolegsiz maslahat bermekden basgada rayatlaryn durmus goragynyn derejesini yokarlandyrmak maksady bilen wajyp bolan durli ugurlara ugrukdyrmalar beryar. Su maksat bilen bizde klubyn baylyk cesmesi isleyar./Klubyn baylyk cesmesi diyen sozbasa seredin/.Seyle hem klub rayatlaryn we beyleki adamlaryn zyna an derejesi barada hem mesgullanyar.Turkmenistanyn Saglygy saklayys inistrligi tarapyndan zyna isi arkaly gecyan SPID keselinin onuni almak baradaky materiyallary yayradyarys. 1999 yyldan bari "Ynam" Asgabat kluby Garassyz Ozbasdak Yurtlaryn bosgunlarynyn we gacybatalga gozleyan adamlaryn kanuncylyk boyunca hukuklaryny goramak baradaky isci toparyn mydamalyk agzasy bolup duryar. Klub isci toparyn her yylda gurayan konferensiyalaryna,turgenlesiklerine, tejribe calysmak baradaky dususuklara, dunya maglumatlaryny habar beryan Internet ulgamynda Sayt sahypasyny doretmage isjen gatnasyar. Bu isler bizin klubymyzyn isini has osen derejede alyp gitmage yardam beryar. /Tejribe calysmak diyen sozbasa seredin/.